«Zyýat Hil» konditer dükanynda doglan gün diňe bir belli sene däl-de, eýsem ýakynlaryňyzy hakykatdanam tagamly we owadan zat bilen begendirmek üçin aýratyn ýakymly sebäp hökmünde görülýär. Bu ýerde taýýarlanylýan tortlar saçagyň esasy bezegine öwrülip, onuň ilkinji bölejiginden ýatda galýar.
Her bir tort tejribeli konditerler tarapyndan tebigy önümlerden — täze gaýmakdan, hoşboý ysly şokoladdan, ter miwelerden we hozlardan el işinde taýýarlanylýar. Olaryň görnüşleriniň hatarynda nusgawy biskwitli, şokoladly we miweli tortlar, şeýle hem özboluşly dizaýnly hem-de aýratyn bezegli görnüşleri bar.

Konditer dükany çagalar üçin multfilmleriň gahrymanlary bilen bezelen tortlara, zenanlar üçin näzik hem nepis görnüşli, erkekler üçin bolsa agras we stilli görnüşli tortlaryň sargytlaryny kabul edýär. Kremden edilen bezegler, şekiller, ýazgylar we ter miweler her bir torty özboluşly edýär.
«Zyýat Hil» şäher boýunça eltip bermek hyzmatyny hem-de öňünden sargytlary kabul etmegi hödürleýär — şeýle etmek bilen baýramçylyk şowhunly geçer, esasy desert bolsa baýramyň hakyky nyşanyna öwrüler.
Konditer dükanlary dynç günsüz işleýär, sargytlar bolsa her gün sagat 8:00-den 22:45-e çenli kabul edilýär.
Sargydyň mukdary 150 manatdan ýokary bolsa, Aşgabat we Gökdepe etraby boýunça eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylýar.

Zyýat Hil dükanlarynyň salgylary:
Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254, telefonlary (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, Seýran söwda merkezi, telefonlar (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3, 1-nji gat, telefonlar (+993 12) 97 95 06 (+993 62) 02 13 63.
Sosial ulgamdaky sahypasy.
