ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio resmi däl söhbetdeşlikde Prezidentiň orunbasary Jeý Di Wensiň 2028-nji ýylda geçjek Prezident saýlawlarynda dalaşgärlik etjekdigini habar berdi. Bu barada çeşmelere salgylanýan «Politico» neşiri ýazýar.
Oktýabryň ahyrynda Tramp özüne üçünji möhlete saýlanmak üçin dalaş etmegiň gadagandygyny habar beripdi.
28-nji oktýabrda Kongresiň Wekiller palatasynyň başlygy Maýk Jonson Trampyň gaýtadan saýlanmak boýunça ýurduň Konstitusion çäklendirmelerinden habarlydygyny belläpdi.
Mundan bir gün Ak tamyň başlygy üçünji möhlet mümkinçiligi barada pikir etmändigini, emma özüniň abraýynyň häzir örän ýokarydygyny aýtdy. Awgustda bolsa Donald Tramp jemgyýetçiligiň özüniň üçünji möhlete gitmegini isleýändigini nygtady.
