Düýn Ankarada Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň ýanynda hereket edýän türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmek boýunça Ylym-barlag merkezinde maslahat geçirildi.
«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar bermegine görä, çärä Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenýän tanymal alymlar, edebiýatçylar we ylmy-barlag işgärleri, şeýle hem Türkiýäniň ylmy we medeni jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň ömrüne, pelsepesine we edebi mirasyna bagyşlanyp Türkiýede neşir edilen kitaplaryň we ylmy makalalaryň tanyşdyrylyşy geçirildi. Bu neşirleriň Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasynda medeni gatnaşyklary berkitmäge, şeýle hem türkmen medeniýetini halkara giňişliginde wagyz etmäge uly goşant goşandygy aýratyn nygtaldy.
