Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň Baş direktory Jon Riz bilen duşuşdy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, işewür özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanynyň ABŞ-a şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezident işewüri mähirli mübärekläp, saparyň çäklerinde geçiriljek Türkmen-amerikan işewürlik forumynyň kompaniýanyň ýolbaşçysyna türkmen wekilleri bilen geljegi uly taslamalar we maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça pikir alyşmaga oňat mümkinçilik döretjekdigini nygtady.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan sporty we syýahatçylygy ösdürmäge durnukly ösüşiň möhüm ugurlary hökmünde garaýar. Türkmenistan halkara hil ekologiýa standartlaryna we innowasiýalara üns bermek bilen döwrebap sport we syýahatçylyk infrastrukturasyny işjeň ösdürýär.
Döwlet Baştutany «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň golf infrastrukturasyny taslamak we ösdürmek ulgamynda dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini aýdyp, Türkmenistan bilen kompaniýanyň arasynda sport infrastrukturasyny ösdürmek ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, kompaniýa tarapyndan Aşgabatda gurlan we halkara standartlaryna laýyk gelýän döwrebap golf klubyň taslamasy özara hyzmatdaşlygyň üstünlikli mysaly hökmünde bellenildi. Bu taslama Türkmenistanda golfy ösdürmekde möhüm ädim boldy.
Hormatly Prezident Türkmenistanyň maýa goýumlar üçin amatly şertleri döretmäge uly ähmiýet berýändigini belläp, kompaniýanyň täze taslamalaryna we tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.
