Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donold Tramp bilen bolan duşuşygyndan soňra «Merkezi Aziýa + Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşdy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejeli duşuşyga Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentleri gatnaşdylar. Prezident Donald Tramp sammite gatnaşyjylary mübärekläp, çakylygy kabul edip, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gelendikleri üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de şu günki ýokary derejedäki duşuşygyň altytaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarjakdygyna ynam bildirdi.
Sammitiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti çykyş edip, «Merkezi Aziýa + Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşmaga çakylyk üçin Prezident Donald Trampa minnetdarlyk bildirip, bu formatyň döredilen pursatyndan bäri gazanylan oňyn netijeleri belledi. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň howpsuzlyk, ykdysadyýet, energetika we daşky gurşaw ýaly möhüm strategik ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandygyny belläp, şu sammitiň netijeleriniň Merkezi Aziýa bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi hem-de Prezident Donald Trampa mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem şu formatyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň sebitiň durnukly ösüşini üpjün etmäge ýardam berjekdigini aýtdy.
Sammitiň dowamynda altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bilelikdäki işiň geljekki ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Şeýle hem sammitiň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hökümetleriniň arasynda Meýiller hakynda Beýannama, Medeni miras babatda Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hökümetleriniň arasynda Meýiller hakynda Beýannama kabul edildi.
