Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan Owganystanyň ýertitreme zerarly ejir çeken ilatyna ugradylan ynsanperwerlik kömegi Owganystanyň Balh welaýatynyň ýaşaýjylaryna baryp gowuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň ýakynda geçiren nobatdaky mejlisinde Owganystanyň ýertitreme zerarly ejir çeken ilatyna ynsanperwerlik kömegini ugratmak boýunça beren tabşyrygyndan ugur alnyp, goňşy ýurda ynsanperwerlik kömegi ugradyldy.
Saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma we azyk önümlerinden ybarat bolan ynsanperwer ýükleri kabul eden Balh welaýatynyň häkimliginiň wekilleri kyn pursatda iberilen ynsanperwer kömek üçin, Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine Owganystanyň Hökümetiniň ýolbaşçylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
