Turkmenportal logo
07.11.25
1227712277
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda «Biz dürli, emma deň» atly her ýylky inklýuziw festiwal geçiriler

«Biz dürli, emma deň» atly her ýylky inklýuziw festiwal 15-nji noýabrda sagat 14:00-dan 16:30-a çenli «Aşgabat» seýilgähinde (1-nji seýilgäh) geçiriler.

Festiwal her bir adamy jemgyýetiň bir bölegi hökmünde duýup biljek howpsuz we inklýuziw gurşawy döretmäge bagyşlanýar. Şeýle hem bu çäre 3-nji dekabrda bellenilýän Bütindünýä maýyplar gününe bagyşlanyp, deňlik we elýeterlilik meselelerine üns çekmäge gönükdirilendir.

Çäräniň guramaçylary: Türkmenistanyň Hökümetiniň goldaw bermegi bilen, BMG-niň Türkmenistandaky wekiliýeti tarapyndan ýerli jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guralýar.

Festiwalyň dowamynda seýilgähde dürli işjeň zolaklar hereket eder:

Sport: woleýbol, inklýuziw uly tennis, stoluň üstünde oýnalýan tennis, küşt we şaşka oýunlary;

Işjeň dynç alyş: gaýalara dyrmyşma, tutuş maşgala üçin sport oýunlary;

Çeperçilik: surat çekmek bäsleşigi, wiktorinalar, çagalar üçin akwagrim, maýyplygy bolan ussatlaryň sungat we senetçilik sergisi;

Göwün açma çäreleri: aýdym-saz we tans çykyşlary, fleşmob.