Türkmenistanyň Adalat ministrligi hususy notariuslar tarapyndan ýerine ýetirilýän notarial hereketler üçin tölegleriň möçberini tassyklady. Degişli №35 belgili bu buýruk Adalat ministri M. Taganow tarapyndan 2025-nji ýylyň 28-nji awgustynda çykaryldy we 6-njy noýabrda bellige alyndy.
Esasy düzgünler
Resminama Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilýän binýatlyk mukdaryna göterim görnüşinde hasaplanýan giň gerimli notarial hyzmatlar üçin tölegleriň möçberi kesgitleýär.
Gozgalmaýan emläkler bilen baglanyşykly şertnamalar
Gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalamak barada şertnamalar üçin (ýaşaýyş jaýlary, binalar, tamamlanmadyk gurluşyk) differensirlenen töleg möçberleri bellenildi:
binýatlyk möçberiň 630%-i — ýakyn garyndaşlar üçin (ene-ata, ýanýoldaşlar, çagalar, doganlar we aýal doganlar);
1830% — beýleki şahslar üçin.
Ulag serişdelerini sowgat etmek hakynda şertnamalar:
620% — ýakyn garyndaşlar üçin;
1220% — beýleki şahslar üçin;
Wesýetnamalar we miras işleri
Wesýetnamalaryň tassyklanandygy üçin binýatlyk möçberiň 630%-i alynýar
Kanun esasynda mirasa hukugy boýunça şahadatnama bermek:
340% — ýanýoldaşlar, ene-atalar we uly ýaşly çagalar üçin
640% — atalar we eneler, doganlar, aýal doganlar we agtyklar üçin
1840% — beýleki mirasdüşerler üçin
Ynanç hatlary
Ynanç hatlaryny tassyklamak hyzmatynyň bahasy onuň görnüşine we garyndaşlyk derejesine baglylykda üýtgeýär:
ulag serişdelerini we gozgalmaýan emläkleri peýdalanmaga (dolandyrmaga), olara ygtyýar etmäge hukuk üçin (satyn almak-satmak, sowgat, alyş-çalyş etmek we beýlekilere) ynanç hatlarynyň tassyklanandygy üçin:
90% — ýakyn garyndaşlar üçin
630% — beýleki şahslar üçin
Beýleki hyzmatlar
Bir dilden beýleki dile terjimesiniň dogrulygyna şaýatlyk edilendigi üçin — her bir sahypa üçin 16%;
Resminamalarda goluň hakykylygynyň, şol sanda terjimeçiniň golunyň hakykylygynyň şaýatlyk edilendigi üçin:
fiziki şahslar üçin — 10%
ýuridiki şahslar üçin — 34%
notarial taýdan tassyklanan resminamalaryň öwezlikleriniň berlendigi üçin — 320%
Ýeňillikler we aýratyn şertler
Hususy notariuslar tarapyndan amala aşyrylan notarial hereketler üçin we notarial hereketleri bilen bagly hukuk maslahatlarynyň berlendigi, resminamalardan göçürmeleriň taýýarlanandygy, beýleki hukuk we tehniki hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegi tölemekden önümçiliginde bolan işler boýunça kazyýet, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralary, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda degişli dessin-agtaryş, anyklaýyş we deslapky derňew işler alnyp barlanda boşadylýar.
Gyzyklanýan şahsyň soramagy boýunça hususy notariuslaryň edara jaýlarynyň daşynda amala aşyrylan notarial hereketleri üçin bellenilen töleg iki esse möçberde tölenilýär, şeýle hem gyzyklanýan şahslar tarapyndan şol hereketleri amala aşyrmak üçin gidip-gelmek bilen bagly edilen hakyky çykdajylary hem tölenilýär.
Täze buýruk 2023-nji ýylyň 24-nji iýulyndaky öňki resminamany güýjüni ýitiren diýip yglan edýär we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşyldy.
