«Tesla» kompaniýasynyň paýdarlary kompaniýanyň baş direktory Ilon Maska 1 trillion dollar möçberde sylag bukjasyny bermek boýunça ses berdiler. Netijede, Maska pul sylagyny bermek boýunça teklibi paýnamalaryň eýeleriniň 75 göterimi oňlady. Ses berlişik kompaniýanyň sosial tordaky sahypasynda görkezildi diýip, «Rambler.ru» habar berdi.
Öň «Tesla»-nyň direktorlar geňeşiniň başlygy Robin Denholm eger ady agzalan möçberdäki bukja tölenmese, Ilon Maskyň kompaniýadan gidip biljekdigini duýdurypdy.
Teklip 5-nji noýabra çenli maýadarlar tarapyndan goldanmalydy, emma garşylyga duçar boldy. Mysal üçin, ynançnamalar boýunça «Institutional Shareholder Services» (ISS) atly iri konsalting firmasy bu pul möçberini ummasyz hasaplap, paýdarlary garşy çykmaga çagyrdy. Maskyň syýasy işjeňliginiň kompaniýanyň abraýyna zyýan ýetirýändigini görkezip, kärdeşler arkalaşyklary we korporatiw synlaýjylar hem teklibe garşy çykdylar.
Öň «Tesla» kompaniýasynyň paýdarlary Ilon Maska 30 milliard dollar möçberde baýrak tölemek barada teklibi goldadylar.
