Apple amerikan kompaniýasy Siri sesli kömekçini kämilleşdirmek üçin Google kompaniýasynyň ýokary kuwwatly emeli aň modeli bolan Geminini ulanmak maksady bilen, takmynan $1 milliard tölemäge taýýardyr. Bu barada Bloomberg agentligi degişli çeşmelere salgylanyp habar berýär.
Agentlik tarapyndan berlen maglumata görä, Apple bilen Google kompaniýalary Siride 1,2 trillion parametrli Gemini modelini integrirlemek boýunça şertnama baglaşmaga ýakyn geldiler. Bu hyzmatdaşlyk Siri sesli kömekçiniň mümkinçiliklerini ep-esli giňeldip, ony täze derejä çykaryp biler.
Bloomberg ozal iýun aýynda Apple kompaniýasynyň Siri goşundysyny ösdürmek üçin OpenAI ýaly öňdebaryjy emeli aň kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýandygyny habar beripdi. Agentligiň bellemegine görä, daşarky hyzmatdaşlary gözlemek Apple kompaniýasynyň emeli aň ulgamyndaky öz ösüşleriniň bäsdeşlerinden yza galýandygyny boýun alýandygyny görkezýär.
