«Mukaddes behişt ýoly» hususy kärhanasy Saud Arabystanynyň mukaddes ýerlerine zyýarat etmek üçin saparlaryň täze möwsümine ýazga almaklygyň başlanandygyny yglan etdi. Kompaniýa Türkmenistanyň raýatlaryna 7, 10 ýa-da 14 günlük zyýarat etmek üçin syýahata gitmek mümkinçiligini hödürleýär.
«Mukaddes behişt ýoly» zyýaratçylaryň umra zyýaratyny rahat we üstünlikli geçirmegi üçin ähli zerur şertler bilen üpjün etmegi öz üstüne alýar.
Zyýaratyň maksatnamasyna girýän hyzmatlar:
iki tarapa uçar biletleriň resmileşdirilmegi;
wizanyň alynmagynda ýardam etmek;
myhmanhanada ýerleşdirmek;
Saud Arabystanynda ulag hyzmatlary;
üç gezek nahar bilen üpjünçilik;
terjimeçi-ýolbelediň hyzmatlary;
mukaddes ýerlere zyýarat edilende we dini däp-dessurlar berjaý edilen zyýaratçylaryň ýanynda bolmak.
Mundan başga-da, kompaniýa her zyýaratça aýratyn üns berýär we syýahatyň rahat hem-de howpsuz geçmegi üçin ähli şertleri döredýär.
«Mukaddes behişt ýoly» isleg bildiren ähli raýatlarymyz özleri barada alada edilip, hormat hem-de ruhy ylham bilen gurşalyp, Yslam mukaddesliklerine zyýarat etmäge we umra zyýaratyny berjaý etmäge çagyrýar.
Giňişleýin maglumatlary almak we ýazga durmak üçin telefonlar:
+993 60 19 60 00
+993 71 19 60 00
+993 71 96 60 00
