Turkmenportal logo
07.11.25
1723717237
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bitaraplygyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara çärelere ýokary taýýarlykly meýletinçiler gatnaşar

Bilşimiz ýaly, hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde giň gerimli halkara çäreleriň ençemesi ýaýbaňlandyrylar. Olaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin zerur bolan tagallalaryň ählisi ediler. TDH-niň habar berişi ýaly, bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri ýetip gelýän şanly sene mynasybetli meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň 6-njy noýabrda geçirilen mejlisinde aýratyn belledi.

Baýramçylyk günlerinde çäreler bilen bagly halkara ylmy-amaly maslahatlaryň guramaçylykly geçirilmelidigini aýdyp, Gahryman Arkadag mejlisiň dowamynda halkara çärelere meýletinçi, terjimeçi hökmünde gatnaşjak ýaş mugallymlaryň we talyplaryň ýokary taýýarlygynyň üpjün edilmelidigini nygtady.

Halkara çärelerine gatnaşýan  myhmanlary garşy almak we ugratmak meselesine berk gözegçilik edilmelidigini, halkara çäreleriniň geçirilýän günlerinde ýokary hilli hem-de kämil  aragatnaşyk hyzmatlarynyň ýola  goýulmalydygyny nygtap, türkmen halkynyň Milli Lideri degişli ýolbaşçylara özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi.