Belarus döwlet uniwersitetiniň (BDU) Türkmenistandaky resmi wekili bolan «Bitewi Hyzmat» kompaniýasy 2026–2027-nji okuw ýyly üçin resminamalaryň kabul edişligiň başlanandygyny yglan etdi. Kompaniýanyň wekilleri meşhur hünärler boýunça orunlaryň çäklidigi sebäpli resminamalary irgözin tabşyrmagy maslahat berýärler.
Resminamalaryň öz wagtynda tabşyrylmagy dalaşgärlere saýlanyp alnan maksatnama boýunça orny belläp goýmaga we guramaçylyk meselelerini öňünden çözmäge mümkinçilik berýär. Hususan-da, bu geljek ýyl üçin uçar biletleriniň satuwynyň başlanmagyndan peýdalanmaga we möwsümleýin gymmatlamalardan gaça durmaga mümkinçilik berýär. Öz resminamalaryny hatda orta mekdebi tamamlamadyk okuwçylar hem tabşyryp bilerler.
«Bitewi Hyzmat» kompaniýasy dalaşgärlere ähli tapgyrlarda doly goldaw berýär: maslahat bermekden we resminamalary taýýarlamakdan başlap, uniwersitete arza tabşyrmak, Belarusda giriş resminamalaryny resmileşdirmek, lukmançylyk barlagyndan geçmek we Minskde hasaba durmak ýaly ähli işleri utgaşdyrýar.
BDU bilen bir hatarda kompaniýa Belarus Respublikasynyň beýleki öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerine, şol sanda lukmançylyk uniwersitetlerine hem kabul edişligi guraýandygyny mälim edýär.
Hyzmatdaş uniwersitetleriň sanawy:
Belarus döwlet uniwersiteti
Belarus milli tehniki uniwersiteti
Belarus döwlet lukmançylyk uniwersiteti
Belarus döwlet informatika we radioelektronika uniwersiteti
Ýanka Kupala adyndaky Grodnonyň döwlet uniwersiteti
Grodnonyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti
P.M. Maşerow adyndaky Witebskiniň döwlet uniwersiteti
Poloskiýniň döwlet uniwersiteti
A.D. Saharow adyndaky Halkara döwlet ekologiýa instituty
Witebskiniň döwlet lukmançylyk uniwersiteti
Kompaniýa şeýle hem giriş synaglaryna taýýarlyk görmek boýunça ýardam berýär.
Habarlaşmak üçin:
Salgysy: Aşgabat şäheri, «Syýahat» myhmanhanasy
E-poçta: bitevihyzmat@gmail.com, bsustudent2024@mail.ru
Telefonlary: (+993 62) 02 30 84, (+993 71) 43 30 88, (+993 71) 43 30 77
