Turkmenportal logo
06.11.25
2360823608
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda raýatlaryň hukuk meseleleri boýunça jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler

15-nji noýabrda Aşgabat şäherinde raýatlaryň hukuk meseleleri boýunça jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler. Kabul edişlige Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturanyň, Ýokary kazyýetiň işgärleri, şeýle hem Aşgabat şäheriniň aklawçylar kollegiýasynyň agzalary gatnaşarlar.

Raýatlaryň kabul edilişi Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda geçiriler. Salgysy: Arçabil şaýoly, jaý 150. Geçiriljek wagty: sagat 9:00-dan 12:00-a çenli.

Goşmaça maglumatlary almak üçin raýatlar şu telefon belgilerine ýüz tutup bilerler: 39 19 20 we 39 19 21.