Düýn Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy bilen Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilelikde Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň köşkler toplumyndaky Prezidentiň Milli kitaphanasynyň gaznasyna Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň kitaplaryny sowgat bermek dabarasyny gurady.
Bu dabara Türkiýede dowam edýän Türkmenistanyň Türkmen edebiýatynyň we döredijiliginiň hepdeliginiň çäklerinde geçirildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, çärä Türkiýäniň döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, belli alymlar we ýazyjylar, medeniýet hem-de sungat işgärleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Şeýle hem Prezidentiň kitaphanasyna türkmen halkynyň baý ruhy mirasyny, taryhyny, edebiýatyny, sungatyny, däp-dessurlaryny we häzirki zaman döwrüniň üstünliklerini beýan edýän dürli kitaplar hem-de ylmy-publisistik neşirler sowgat berildi.
Sowgat berlen Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ylmy işlerinde ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň, Türkmenistanyň medeni mirasynyň esasyny düzýän çuňňur pelsepewi we ynsanperwerlik pikirler beýan edilýär. Bu kitaplar Türkmenistanyň we Türkiýäniň halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmäge we hyzmatdaşlygy berkitmäge möhüm goşant bolup hyzmat edýär — diýlip, çeşmede bellenilýär.
