2025 – 2026-njy möwsümiň Çempionlar ligasynyň umumy ýaryşynyň 4-nji tapgyry penşenbe gijesi tamamlandy. Iki oýun gününiň dowamynda jemi 18 duşuşyk geçirildi.
Dört tapgyrdan soňky netijelere görä, üç klub — «Bawariýa», «Arsenal» we «Inter» iň ýokary 12 utuk bilen ýaryş tertibiniň başyny çekýärler.
Mýunheniň «Bawariýasy» Parižde «PSŽ» bilen oýunda 2:1 hasaby bilen ýeňiş gazandy, Londonyň «Arsenaly» Praganyň «Slawiýasyny» myhmançylykda 3:0 hasaby bilen ýeňdi, Milan şäheriniň «Interi» bolsa dartgynly geçen duşuşykda Gazagystanyň «Kaýrat» toparyny 2:1 hasaby bilen ýeňmegi başardy.
Ýaryş tertibiniň aşaky böleginde Lissabonyň «Benfikasy» we Amsterdamyň «Aýaks» toparlary ýerleşýär. Olar degişlilikde 35-nji we 36-njy orunlary eýeleýärler. Bu iki klub häzirlikçe ýekeje utuk hem gazanyp bilmedi. «Benfika» öz meýdançasynda Lewerkuzeniň «Bayerinden» 0:1 hasaby bilen ýeňildi, «Aýaks» bolsa Stambulyň «Galatasaraýyndan» 0:3 hasaby bilen agyr ýeňlişe sezewar boldy.
Tapgyryň beýleki netijeleriniň arasynda «Nýukaslyň» «Atletik» toparyny 2:0, «Mançester Sitiniň» Dortmundyň «Borussiýasyny» 4:1 we «Tottenhemiň» «Kopengageni» 4:0 hasaby bilen ýeňmegi aýratyn bellärliklidir. «Liwerpul» bolsa Madridiň «Realy» bilen duşuşygynda aýgytly ýeňşi gazanmagy başardy — 1:0.
Gijäniň iň täsirli netijesi «Brýugge» bilen «Barselonanyň» arasyndaky oýunda 3:3 hasaby bilen tamamlanan deňme-deňlik boldy. Azerbaýjanyň «Karabagy» «Çelsi» bilen 2:2 hasaby bilen deňme-deň oýnady, Kipriň «Pafosy» bolsa «Wilýarrealdan» 1:0 hasaby bilen üstün çykyp, geň galdyryjy netijäni görkezdi.
