«Pesto» restorany myhmanlaryna ýokary hilli we elýeterli bahadan dürli tagamly ertirlikleri hödürleýär. Şeýlelikde, toplumlaýyn ertirlik şu gün 60 manat bolup, onuň düzümine: peýnir, şöhlat, ýumurtga, iki görnüşli zeýtun, tost çöregi, bal, mürepbe, büzmeç, ýumşak peýnir, sarymsakly sously turbajyk, maýonez bilen ketçup, çeri pomidor, hyýar we miweli süle ýarmasy girýär.
Toplumlaýyn görnüşden başga-da, «Pesto» restoranynda ertirlik üçin dürli tagamlar bar: tüwi we mannyý şülesi, blinçik, kruassan, poça, menemen, gowurdakly ýumurtga we beýleki datly tagamlar bar. Restoranyň aýratyn buýsanjy — 5 görnüşli ýörite türk pahlawasy we dürli görnüşli türk süýjilikleridir.
Myhmanlar üçin amatly bolar ýaly Mary şäheri boýunça eltip bermek hyzmaty hem bar. Restoran «Şapak» ýaşaýyş toplumynda, «Altyn asyr» aýlaw ýolunyň ugrunda ýerleşýär.
Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 522 5-53-77, +993 522 5-53-88, +993 71 10-10-55, +993 63 39-99-39.
Sosial ulgamdaky sahypasy
