Mary welaýatynda 150 metrden gowrak çuňlukdaky guýudan suw çykarýan nasosy elektrik energiýasy bilen üpjün etjek Gün elektrik desgasy ulanmaga tabşyryldy. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, täzelenýän energiýa çeşmesiniň bu guýa birikdirilmegi Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) maliýe goldawy netijesinde amala aşyryldy. Enjamyň gurnama we sazlama işlerini «Gerçek gala» we «Täze energiýa» kompaniýalarynyň hünärmenleri ýerine ýetirdiler.
Bu innowasion desganyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň, «Maryörisuw» gurluşyk-abatlaýyş kärhanasynyň wekilleri, şeýle hem täzelenýän energiýa çeşmelerini gönüden-göni ulanjak «Garaköli» we «Maldar» atly iň köne goýundarçylyk hojalyklarynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri we çopanlary ýygnandylar.
Dabaranyň çäklerinde, howanyň üýtgemegi şertlerinde suw serişdelerini durnukly dolandyrmak boýunça daýhanlaryň we hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, şeýle hem Garagum çöl şertlerinde maldarçylygyň zerurlyklary üçin Gün energiýasy esasynda işleýän suw basyşyny göterýän ulgamlaryň işiniň we netijeli ulanylmagynyň ýörelgelerini öwretmäge gönükdirilen amaly okuw maslahaty geçirildi.
Amaly sapak daýhanlara enjamyň öndürijiligini artdyrmaga, döwülmeleriň öňüni almaga we bakylýan sürüleri suw bilen bökdençsiz üpjün etmäge niýetlenen desganyň hyzmat möhletini uzaltmaga mümkinçilik berer. Aýratyn goýundarçylyk we düýedarçylyk hojalyklarynyň işine täzelenýän energiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagynyň durnukly öri meýdanlaryny ulanmak üçin möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi. Şeýle ýerleri suwlandyrmak däp bolan dizel ýangyjynyň sarp edilmegini ep-esli azaltmaga, ulanmak çykdajylaryny peseltmäge we daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaltmaga ýardam eder.
Bu çäre Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) Türkmenistanda «Merkezi Aziýada howa bilen bagly howplary dolandyryşy» atly sebit maksatnamasynyň ýerine ýetirilmeginiň çäklerinde geçirildi.
