Turkmenportal logo
05.11.25
2016120161
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen halkynyň Milli Lideri Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentleri bilen iş maslahatyny geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Arkadag şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisinden soňra gaznanyň wise-prezidentleri bilen iş maslahatyny geçirdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, onda gaznanyň işiniň häzirki ýagdaýy we onuň öňünde durýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Gaznanyň wise-prezidentleri häzirki döwürde alnyp barylýan işler we ony mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda edilýän tagallalar barada hasabat berdiler. Hususan-da, bu düzümiň halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada giňişleýin maglumatlar berildi.

Gahryman Arkadag haýyr-sahawat gaznasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we halkara gatnaşyklarynyň ynsanperwer ugurlaryny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi. Aýratyn-da goňşy ýurtlara türkmen asylly däplerine eýerilip doganlyk golunyň uzadylmalydygyny nygtap, türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanyň pajygaly ýertitreme zerarly ejir çeken ilatyna, çagalaryna ynsanperwerlik kömegini ibermek meselelerini işjeňleşdirmegi tabşyrdy.