Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.
Mejlisiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gazna tarapyndan degişli döwürde alnyp barlan bejeriş işleri, şeýle hem Gaznanyň halkara hyzmatdaşlygy barada çykyş etmek üçin Gaznanyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory – wise-prezidenti O.Atabaýewa söz berdi.
Bellenilişi ýaly, O.Atabaýewa Gazna tarapyndan amala aşyrylan köp sanly haýyr-sahawat işleriniň, onuň serişdeleriniň hasabyna ýüzlerçe operasiýalaryň, şeýle hem çagalara bejeriş-dikeldiş, bejeriş-öňüni alyş hyzmatlarynyň ýerine ýetirilendigi barada aýdyp, bu işleriň yzygiderli dowam edýändigini belledi.
Şeýle hem Gaznanyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory-wise-prezidenti häzirki döwre çenli tutuş ýurt boýunça çagalara 700-den gowrak operasiýalaryň geçirilendigini we olara ýatymlaýyn şertlerde bejergileriň amala aşyrylandygyny aýtdy. Şu ýylyň ýanwar – oktýabr aýlarynda näsag çagalaryň 163-sinde operasiýalar geçirildi. Mundan başga-da, 900-e golaý çagalara dikeldiş-bejergi işleri ýerine ýetirildi. Olar kämil hünärli çaga lukmanlarynyň ýörite gözegçiliginde saklanýar.
Mundan başga-da, Gaznanyň howandarlygynda medeni bäsleşikleriň geçirilendigi aýdyldy. Şeýle hem O.Atabaýewa abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigini aýdyp, degişli ugurlar boýunça özara ylalaşyklaryň gazanylýandygyny we ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilýändigini belledi. Bellenilişi ýaly, dünýä ýurtlaryndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen hyzmatdaşlyk etmäge teklipler yzygiderli gelip gowuşýar.
Şeýle hem Gaznanyň alyp barýan işi bilen baglanyşykly maglumatlaryň elektron saýtlarda ýerleşdirilýändigini aýdyp, O.Atabaýewa Gaznanyň işine döwlet tarapyndan ýakyndan ýardam berilýändigi üçin Gahryman Arkadaga we hormatly Prezidentine özüniň hoşallygyny beýan etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gaznanyň milli ynsanperwerlik ýörelgelerini esasy ugur edinýän işini has-da kämilleşdirmek we onuň gerimini giňeltmek meselelerine ähmiýet bermelidigini belläp, bu babatda özüniň öwüt-nesihatlaryny we maslahatlaryny berdi.
