Turkmenportal logo
05.11.25
1288012880
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Arkadag» «Al-Ahli» bilen deňme-deň oýnady we AFK-2-niň Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyryna çykmak mümkinçiligini elden gidermeýär

Türkmenistanyň «Arkadag» futbol topary AFK-2-niň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň 4-nji oýnunda Katar döwletiniň «Al-Ahli» topary bilen öz meýdançasynda 1:1 hasaby bilen deňme-deň oýnady.

Duşuşyk çarşenbe güni Arkadag şäherinde geçirildi. Oýundaky hasaby 23-nji minutda myhmanlaryň hüjümçisi Mişel Wlap açdy. 26-njy minutda bolsa «Al-Ahli» toparynyň goragçysy Mateý Mitrowiçiň awtogoly netijesinde «Arkadag» hasaby deňlemegi başardy.

«Arkadag» şu wagta çenli 3 utuk gazandy we B toparçanyň ýaryş tertibinde soňky orunda ýerleşýär. Toparçanyň lideri «Al-Ahli» 5 oýundan soň 7 utuk bilen öňde barýar. Şeýle hem Özbegistanyň «Andižan» (3 utuk, 3 oýun) we Bahreýniň «Al-Haldiýa» (5 utuk, 4 oýun) toparlary pleý-off tapgyryna çykmak ugrunda göreşýärler.

Toparçalaýyn tapgyryň netijesine görä, iki iň gowy topar pleý-off tapgyryna geçer. «Arkadag» indiki oýnuny 26-njy noýabrda myhmançylykda «Andižan» topary bilen geçirer. Soňky — 6-njy tapgyrda bolsa türkmen topary 24-nji dekabrda öz meýdançasynda «Al-Haldiýa» bilen duşuşar.