Turkmenportal logo
05.11.25
1993819938
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň Döwlet ministri bilen duşuşygy

Şu gün Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedowyň Gruziýanyň ylalaşyk we raýat deňhukuklylygy meseleleri boýunça Döwlet ministri T.Ahwlediani bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar esasy ugurlaryň ählisinde, şol sanda ykdysadyýet, ulag, medeniýet we bilim ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýedigini bellediler. Söhbetdeşler raýat hukugyny berkitmek hem-de jemgyýetde deňhukuklylygy ilerletmek babatda hyzmatdaşlygyň meselelerine garadylar.

Ilçi Döwlet ministrini Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi bilen tanyşdyrdy.

Şeýle-de şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan ýokary derejeli Halkara forumyň geçiriljekdigi barada habar berildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar iki ýurduň halklarynyň bähbidine dialogy çuňlaşdyrmaga we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.