Daşkentde 28-nji oktýabr — 1-nji noýabr aralygynda geçirilen «TaxInTashkent 2025» atly halkara salgyt bäsleşigi tamamlandy. Çäräniň guramaçysy Daşkent Döwlet ykdysadyýet uniwersiteti Özbegistanyň Salgyt komiteti we Russiýanyň Federal salgyt gullugy boldy.
Bäsleşige Özbegistanyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) beýleki ýurtlarynyň talyplary gatnaşdylar. Bäsleşik iki tapgyrda geçdi: gatnaşyjylar salgyt töleýjileriň we salgyt edaralarynyň adyndan resmi hat alyşmagy taýýarladylar, soňra bolsa öz işlerini prezentasiýa görnüşinde hödürlediler.
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň topary umumy toparlaýyn hasapda ikinji orny eýeledi. Guramaçylaryň sözlerine görä, bäsleşik diňe bir talyplaryň salgyt ulgamyndaky hünär bilimlerini ösdürmäge däl, eýsem sebitiň ýurtlarynyň bilim edaralarynyň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge-de gönükdirilendir.

