34 ýaşly demokratçy sosialist Zohran Mamdani ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheriniň häkimi wezipesine saýlawlarda ýeňiş gazandy. «Decision Desk» seljeriş portalynyň ýazmagyna görä, Mamdani bu wezipede ilkinji musulman we şäheriň taryhynda iň ýaş häkim bolar.
«MCNBC» teleýaýlymy saýlaw býulletenleriniň üçden iki böleginden köpüsini işläp, Mamdaniniň sesleriň 51 göterimden gowragyny alandygyny habar berýär. Ikinji orunda 40 göterim netije bilen Prezident Donald Tramp tarapyndan goldanan Endrýu Kuomo ýerleşdi. Respublikaçylar partiýasyndan dalaşgär Kertis Sliwa 8 göterim goldaw aldy.
Şäheriň ýolbaşçysynyň saýlawlaryna 1969-njy ýyldan bäri iň köp, ýagny 2 million saýlawçy gatnaşdy diýip, «Rambler.ru» ýazýar.
Ýene iki aýdan az wagtdan musulman häkimiň garamagyna býujeti 120 milliard dollara we ilaty 8,5 mln adama deň bolan şäher geçer diýip, «ria.ru» ýazýar.
Mamdani 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirmäge girişer.
