«Şadyýan Gurluşyk» hojalyk jemgyýeti Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda açylan «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara maslahaty we sergisi — «CIET 2025» forumyna gatnaşýar. Kompaniýa öz diwarlygynda häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen amala aşyrylan taslamalaryň bukjasyny görkezýär.
2019-njy ýyldan bäri iş alyp barýan «Şadyýan Gurluşyk» sergä gatnaşyjylara Türkmenistanyň dürli sebitlerinde gurlan iri desgalaryň maglumatlaryny hödürledi. Kompaniýanyň tamamlap tabşyran taslamalarynyň arasynda Arkadag şäherindäki 350 orunlyk köpugurly hassahana (2023), Arkadagdaky «Türkmenistan» döwlet bankynyň şahamçasy (2023), 28 öýli 7 gatly ýaşaýyş jaýlary (2023), Magtymguly etrabyndaky köpugurly hassahana (2021), Balkanabat şäherindäki hassahananyň durkuny täzeleme (2023) we beýleki lukmançylyk hem-de jemgyýetçilik maksatly desgalar bar.

Häzirki wagtda kompaniýa Balkan welaýatynda birnäçe lukmançylyk edaralarynyň durkuny täzelemek boýunça işleri alyp barýar. Bu taslamalaryň arasynda Enäniň we çaganyň saglygyny goramak merkeziniň çaga dogrulýan bölümi, gan banky, kazyýet-lukmançylyk barlagynyň we patologoanatomiýa gullugynyň binasy bar.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen baglaşylan şertnamalara laýyklykda, «Şadyýan Gurluşyk» Tejen şäherinde 300 orunlyk köpugurly hassahananyň we Daşoguzda 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goramak merkeziniň gurluşygyny alyp barýar. Bu gurluşyk işleri 2025-nji ýylyň oktýabrynda başlandy, desgalaryň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, 2028-nji ýylyň oktýabrynda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýär.
