Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistanyň Indoneziýa Respublikasyndaky ilçisi (oturýan ýeri Kuala-Lumpur ş.) M. Maşalow Indoneziýanyň DIM-iniň Protokol we konsullyk departamentiniň başlygy Endi Rahmianto bilen duşuşdy. Ilçi M.Maşalow ynanç hatlaryň nusgalary gowşurdy.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, indoneziýa tarapy ilçini jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa uly üstünlikler arzuw etdi we diplomatik işini durmuşa geçirmekde ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara dialogy ösdürmekde ýokary derejedäki dialogyň ähmiýetini belläp, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň saparlaryny we duşuşyklaryny guramagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Indoneziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üçin iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde yzygiderli aragatnaşygy saklamak babatynda ylalaşdylar diýlip, habarda bellenilýär.
