Turkmenportal logo
05.11.25
1771317713
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Omanyň Soltany Türkmenistany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatyny ýollady.

TDH-niň habar berşi ýaly, gutlagda, hususan-da, şeýle diýilýär: «Milli baýram Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn. Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa gülläp ösüş hem-de rowaçlyk arzuw edýärin».