Turkmenportal logo
05.11.25
1193111931
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda fizika boýunça V Açyk halkara internet olimpiadasy geçiriler

2025-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan fizika boýunça V Açyk halkara internet olimpiadasy geçiriler.

Türkmenistandaky we daşary ýurtlardaky ýokary okuw mekdepleriniň fizika bilen gyzyklanýan we bu ugurda bilim alýan ähli isleg bildirýän talyplar olimpiada gatnaşmaga çagyrylýar — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.

Olimpiada mugallymçylyk institutynyň sanly platformasynda geçirilip, şahsy bäsleşik görnüşinde guralar.

Oňa gatnaşýanlar umumy fizika boýunça aşakdaky bölümlerden 5 meseläni çözmeli bolarlar: Mehanika, Molekulýar fizika, Elektrik we magnit hadysalary, Optika. Berlen meseleleri çözmek üçin 150 minut wagt berilýär. Olimpiadanyň resmi dilleri — türkmen, rus we iňlis dilleridir.

Olimpiadada çykyş etmek isleýän ýokary okuw mekdepleri 20-nji noýabra çenli mugallymçylyk institutyň web sahypasynda ýerleşdirilen görnüşe laýyklykda gatnaşjak talyplar we jogapkär mugallymlar barada maglumatlary iolymp-tspi@yandex.ru elektron poçtasyna ibermelidirler.

Goşmaça maglumatlar aşakdaky telefon belgileri we elektron poçtalar arkaly elýeterlidir:

+993 63 100436; +993 65 215294

iolymp-tspi@yandex.rush.bayekow-tm@yandex.ru.