Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly iki gün dowam eden halkara sergi we maslahat öz işini tamamlady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň döwlet we hususy düzümleriniň hem-de dünýäniň 55 ýurdundan 1 müň 80-den gowrak daşary ýurt kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň wekillerini bir ýere jemlän forumyň jemleýji güni işjeň häsiýete eýe boldy.
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan guralan giň gerimli sergi Türkmenistanyň gurluşyk, senagat önümçiligi, energetika, himiýa senagaty, ýol gurluşygy pudaklarynda gazananlaryny, şeýle-de dünýä belli kompaniýalaryň ýöriteleşdirilen enjamlary, öňdebaryjy tehnologiýalary bilen tanyşdyrmakda oňyn netijesini berdi.
Halkara forumyň dowamynda Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň ösüş strategiýasynyň çäklerinde gurluşyga innowasion hem-de «akylly» infrastruktura çözgütlerini ornaşdyrmakda durmuşa geçirilýän döredijilikli we netijeli işler üçin Arkadag şäherine ýokary baha berilýändigi baradaky Şahadatnamanyň we ýörite nyşanyň gowşurylmagy hem bellärliklidir.
Şeýlelikde, giň gerimli häsiýete eýe bolan halkara serginiň we maslahatyň jemi jemlenip, ýapylyş dabarasy boldy, oňa gatnaşan kompaniýalaryň wekillerine degişli şahadatnamalar gowşuryldy.
«Turkmenportal» forumyň media hyzmatdaşy hökmünde çykyş etdi.
