Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Owganystanyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Fazal Muhammad Sabiriň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.
Duşuşykda ministriň orunbasary Owganystanyň demirgazygynda bolup geçen we adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelere getiren ýertitremesi bilen baglanyşykly owgan diplomatyna duýgudaşlyk we goldaw sözlerini bildirdi.
A.Gurbanow bu habaryň Türkmenistanda çuňňur gynanç bilen kabul edilendigini we ýurduň doganlyk Owganystanyň ilatyna golaý wagtda ynsanperwerlik kömegini bermäge taýýardygy barada aýtdy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan halkyň kyn wagtda kömege mätäçlere goldaw-hemaýat bermegiň gadymy däplerini döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmagyň esasy hökmünde dowam etdirýär.
Muny Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan dünýäniň dürli ýurtlarynyň, şol sanda Owganystanyň heläkçilikler zerarly ejir çeken çagalaryna we ilatyna yzygiderli esasda iberilýän ynsanperwerlik kömeginiň mysalynda-da aýdyň görmek bolýar.
