Türkmenistan wekilleri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň zähmet, ilatyň iş bilen üpjünçiligi we durmuş goragy meseleleri boýunça Maslahat beriji geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdylar. Mejlis Daşkent şäherinde geçirildi.
Çärä Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň, Döwletara statistika komitetiniň, Ählumumy kärdeşler konfederasiýasynyň, Belarus Respublikasynyň Milli tehniki uniwersitetiniň hem-de Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri hem gatnaşdylar.
Mejlisiň gün tertibinde ileri tutulýan ugurlar hökmünde — GDA-nyň giňişliginde durmuş goragy we i;atyň iş bilen üpjünçiligi babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek, bu ugurda sanly özgertmeleri durmuşa geçirmek, zähmet statistikasy boýunça maglumatlary işlemekde täze çemeleşmeler, Arkalaşyga agza ýurtlaryň umumy zähmet bazaryny döretmek we işçi güýjüniň migrasiýasyny kadalaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama taslamasy ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň resmi saýtynda habar berilýär.
Mundan başga-da, mejlise gatnaşyjylar Daşkent şäherindäki Işe ýerleşdirmäge we garyplygy azaltmaga ýardam ediji dolandyryş merkezine hem-de hünär başarnyklary merkezine baryp gördüler. Olar ilatyň işe ýerleşdirilmegine ýardam bermekde toplanan tejribe bilen tanyşdylar.
