Türki medeniýetiň halkara guramasy — TÜRKSOÝ Stambul şäherinde Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy hem-de Türk Edebiýatynyň gaznasy bilen bilelikde, Türkmenistanyň Gahrymany, halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewanyň 85 ýaş ýubileýi mynasybetli taýýarlanan «Türk dünýäsinde zenan we söz» atly goşgular kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi.
Dabaranyň açylyşynda TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew, Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsuly Öwezgeldi Jumanazarow hem-de beýleki myhmanlar çykyş etdiler. Bu barada TÜRKSOÝ-yň metbugat gullugy habar berdi.
Dabarada kitabynyň tanyşdyrylyşyndan soňra türki edebiýatyň görnükli wekilleriniň gatnaşmagynda panel duşuşygy guraldy. Oňa «Türk Edebiýaty» žurnalynyň redaktory Enwer Aýkol, Türkmenistanyň Gahrymany, heýkeltaraş Saragt Babaýew, Ankara uniwersitetiniň professory Berdi Saryýew we Stambul uniwersitetiniň mugallymy, doktor Aýşe Balkan çykyş etdiler.
Çykyşlarda türki dünýäde zenanlaryň döredijiliginiň ähmiýetini açyp görkezýän bu kitabyň okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanyljakdygyna ynam bildirildi.
Dabara oňa gatnaşanlara sowgatlaryň gowşurylmagy we ýadygärlik surata düşülmegi bilen tamamlandy.
