Turkmenportal logo
04.11.25
1782517825
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Liwerpul» «Reala» garşy oýnar, «PSŽ» «Bawariýany» kabul eder: Çempionlar ligasynyň 4-nji tapgyrynyň duşuşyklary

4-nji noýabrda UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 2025/26-njy ýylyň möwsüminiň umumy tapgyrynyň dördünji tapgyry başlanýar. Duşenbe güni dokuz duşuşyk geçiriler, ýene dokuz duşuşyk sişenbe güni 5-nji noýabrda meýilleşdirilýär.

Ilkinji iki duşuşyk Aşgabat wagty bilen 22:45-da başlanýar: «Slawiýa» (Praga) «Arsenaly» kabul eder, «Napoli» bolsa «Aýntraht» bilen oýnar.

Esasy wagtda (Aşgabat wagty bilen sagat 01:00) şu duşuşyklar geçiriler: «Atletiko» (Madrid) – «Ýunion Sent-Žilluaz», «Budýo-Glimt» – «Monako», «Ýuwentus» – «Sporting», «Liwerpul» – «Real Madrid», «Olimpiakos» – «PSW», «Pari Sen-Žermen» – «Bawariýa» we «Tottenhem» – «Kopengagen».

Sişenbe güni hem irki iki duşuşyk meýilleşdirilýär: «Pafos» – «Wilýarreal» we «Garabag» – «Çelsi» (22:45).

Agşamlyk maksatnama (01:00) şu duşuşyklary öz içine alýar: «Aýaks» – «Galatasaraý», «Brýugge» – «Barselona», «Inter» – «Kaýrat», «Mançester Siti» – «Borussiýa» (Dortmund), «Nýukasl» – «Atletik», «Marsel» – «Atalanta», şeýle-de «Benfika» – «Lewerkuzen».