Turkmenportal logo
04.11.25
1587915879
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Titow «Uzgeniň» düzüminde birinji het-trigini ýerine ýetirdi

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Mihail Titow Gyrgyzystanyň futbol boýunça çempionatynyň 24-nji tapgyrynda geçirilen duşuşykda het-trik ýerine ýetirip, öz topary «Uzgen» klubynyň 4:0 hasaby bilen «Kyrgyzaltyn» klubyndan üstün çykmagyna uly goşant goşdy.

Titow oýnuň 2-nji, 30-njy we 45+2-nji minutlarynda tapawutlanyp, bu duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Toparyň dördünji goluny bolsa 52-nji minutda Izatilla Abdullaýew geçirdi.

Bu het-trik Titowyň «Uzgeniň» düzüminde oýnaýan wagtyndan bäri ilkinjisidir. Ol bu kluba 2025-nji ýylyň fewralynda erkin agent hökmünde geçipdi. Häzirki möwsümde futbolçynyň hasabynda dürli ýaryşlarda geçirilen ähli duşuşyklarda 8 geçirilen top we 3 netijeli berlen top bar.

«Kyrgyzaltyn» toparynyň düzüminde Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň başga bir wekili Meýlis Diniýew hem tutuş duşuşygy meýdançada geçirdi.