Ýewropa söwda we maliýe merkezinde – Maýn boýundaky Frankfurtda «Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günleri» atly halkara forum üstünlikli tamamlandy. Ol Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şeýle hem täze maýa goýumlaryny çekmäge we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilendir.
Forumyň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «TMT Consulting Group» çykyş etdiler. Bu çärä Maýn boýundaky Frankfurtda ýerleşýän Türkmenistanyň konsullygy we Germaniýa ykdysadyýetiniň gündogar komiteti işjeň goldaw berdi.
Çärä Türkmenistanyň döwlet guramalaryndan 43 we hususy pudakdan 63 wekil, jemi 106 adam gatnaşdy. Mundan başga-da, foruma Germaniýanyň we Ýewropanyň beýleki ýurtlarynyň kompaniýalarynyň, banklarynyň, assosiasiýalarynyň we işewür düzümleriniň wekilleri bolan 126 sany daşary ýurt raýaty gatnaşdy.
Forumyň Baş hemaýatkärleri bolup, gurluşyk ulgamyndaky türkmen kompaniýasy «Ojar Aziýa» we agrosenagat pudagynyň halkara ägirdi «John Deere» çykyş etdiler. Olaryň gatnaşmagy çäräniň ýokary we ähmiýetli derejesini nygtady, şeýle hem strategik taýdan ähmiýetli kompaniýalaryň Türkmenistan bilen Ýewropanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga kömek etmäge taýýardygyny görkezdi.
«Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günleriniň» Maýn boýundaky Frankfurtda geçirilmegi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak, özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek we Türkmenistanyň Ýewropa ykdysady giňişliginde ynamdar hem-de açyk hyzmatdaş hökmündäki roluny güýçlendirmek ýolunda möhüm ädim boldy.
