«Awazada» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän «Türkmеnistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara maslahatyň we serginiň (CIET 2025) birinji iş gününde öňdebaryjy halkara kompaniýalaryň we Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda B2G görnüşindäki duşuşyklar geçirildi. Bu barada «Türkmen Energiýa Forum» hojalyk jemgyýeti habar berýär.
Taraplar energetika, senagat gurluşygy, ulag infrastrukturasyny we himiýa önümçiligi ýaly ugurlarda bilelikdäki taslamalaryň geljegini, şeýle hem maliýeleşdirmegiň we innowasion çözgütleri ornaşdyrmagyň mehanizmlerini maslahatlaşdylar.
CIET 2025 forumy 3-4-nji noýabrda geçirilýär. Guramaçylar hökmünde «Türkmenhimiýa» döwlet konserni, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Energetika ministrligi, Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak boýunça döwlet agentligi, Aşgabat şäher häkimligi «Türkmen Energiýa Forum» HO bilen bilelikde çykyş edýärler.
«Turkmenportal» forumyň media hyzmatdaşydyr.
Forumyň umumy mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynda durnukly maýa goýumlarynyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyşlar bilen wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow, senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Toýguly Nurow, şeýle hem «Çalik Holding», «Rönesans Holding» we «Mitsubishi Heavy Industries» ýaly iň uly halkara kompaniýalaryň ýolbaşçylary çykyş etdiler.
Birinji mowzuklaýyn sessiýa ýaşyl energetika geçmek we himiýa senagatyny ösdürmek meselelerine bagyşlandy. Oňa energetika ministri Annageldi Saparow, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Taňryguly Ataýew, oba hojalyk ministri Çaryýar Çetiýew we halkara kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylar durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmagy we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegi ara alyp maslahatlaşdylar.
CIET 2025 sergisiniň ekspozisiýasy ýerli kärhanalaryň gazanan üstünliklerini we daşary ýurt kompaniýalarynyň gurluşyk, energetika, senagat, ulag infrastrukturasyny we gurluşyk materiallaryny öndürmek ulgamlaryndaky öňdebaryjy tehnologiýalaryny görkezdi. Önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmaga we sanly çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns berildi.
Forumuň işi 4-nji noýabrda mowzuklaýyn sessiýalar, ikitaraplaýyn gepleşikler we täze senagat hem-de infrastruktura taslamalarynyň tanyşdyrylyşy bilen dowam eder.
