Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara maslahaty we sergisi (CIET 2025) öz işine başlady. Forumyň işine dünýäniň 55 ýurdundan 1080-den gowrak wekil gatnaşýar.
«Akylly gurluşyk. Arassa energiýa. Durnukly geljek» şygary astynda geçirilýän iki günlük çäre ministrleri, döwlet edaralarynyň wekillerini, maýa goýujylary hem-de Mitsubishi Heavy Industries, Çalık Holding, Rönesans Holding, China Energy International, POSCO International we PETRONAS Carigali ýaly iri halkara kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi.
«Türkmenhimiýa» döwlet konserni, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Energetika ministrligi, Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi, Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de «Türkmen Energiýa Forumy» hojalyk jemgyýeti bu forumyň guramaçylary hökmünde çykyş edýärler.
CIET 2025 forumynyň geçirilmegi Türkmenistanyň gurluşyk we senagat işgärleriniň güni bilen baglanyşyklydyr.
Maslahatyň açylyşynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynda durnukly maýa goýumlaryň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi» atly umumy mejlis geçirildi. Onda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Toýguly Nurow, şeýle hem daşary ýurtly myhmanlar Wladimir Petruk, Eisaku Ito we Ahmet Çalyk çykyş etdiler.
Baýmyrat Annamämmedow senagat we gurluşyk toplumlarynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň Türkmenistanyň häzirki zaman we depginli ösýän döwlet hökmünde ornuny pugtalandyrýandygyny belledi. Ministr Toýguly Nurow bolsa her bir açylýan täze kärhananyň we infrastruktura taslamasynyň ykdysadyýetiň diwersifikasiýasyna hem-de raýatlaryň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna goşant goşýandygyny nygtady.
CIET 2025 maslahatynyň maksatnamasynda dört tematiki mejlis, 50-den gowrak kompaniýanyň gatnaşmagyndaky halkara sergisi, B2B we B2G duşuşyklary, şeýle hem forumyň gatnaşyjylary üçin dabaraly gala-agşamlyk göz öňünde tutulýar.
Turkmenportal — forumyň mediýa hyzmatdaşy bolup çykyş edýär.
