Turkmenportal logo
03.11.25
2165721657
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Maldiwlerde raýatlaryň täze nesline temmäki ulanmak gadagan edildi

Maldiwlerde 2007-nji ýyldan soňra doglan raýatlar üçin temmäki ulanmak gadagan edildi diýip, «The Guardian» neşirine salgylanýan «RIA Nowosti» habar berýär.

Täze karara laýyklykda, 2007-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda ýa-da ondan soň doglanlara temmäki önümlerini satyn almak, peýdalanmak ýa-da satmak gadagan edilýär. Gadaganlyk temmäki önümleriniň ähli görnüşlerine degişli bolup, satyjylar müşderileriň ýaşyny hökman anyklamaga borçly edildi.

Çäklendirme jahankeşdelere hem degişlidir.