2025-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Mejlisiň başlygy Dünýägözel Gulmanowa 2026-njy ýylyň şygary we nyşanyny kesgitlemek boýunça deputatlar hem-de halk bilen maslahatlaşmany geçirmegi tabşyrdy. Her ýyl döwletimiziň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny şöhlelendirýän şygary yglan etmek ýurdumyzda indi däbe öwrüldi.
2025-nji ýyl Türkmenistanda «Halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly» diýen şygar bilen geçýär. Bu şygar Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyndaky ornuny nygtamak we ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny bellemek maksady bilen yglan edildi. Turkmenportal soňky bäş ýylda yglan edilen şygarlar we olaryň manysy barada öz okyjylaryna ýatlamagy teklip edýär.
2024-nji ýyl – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»
Şol ýyl beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyraga bagyşlandy. Bu şygar onuň edebi mirasyny dünýäde wagyz etmek we ýaşlary türkmen edebiýatynyň nusgawy şahsyýetiniň döredijiligini öwrenmäge ruhlandyrmak maksadyna gönükdirildi.

2023-nji ýyl – «Arkadagly Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly»
Bu şygar ýaşlaryň ýurduň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin mümkinçilikleriň döredilmegine ähmiýet bermeklige bagyşlandy.

2022-nji ýyl – «Halkyň Arkadagly zamanasy»
Şol ýyl Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurduň gazanan üstünliklerine, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň döwletliliginiň berkidilmegine we ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna bagyşlandy.

2021-nji ýyl – «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»
Bu şygar Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny bellemek we ýurduň halkara hyzmatdaşlyk hem-de dostluk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny wagyz etmek maksady bilen yglan edildi.

2020-nji ýyl – «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany»
Bu ýyl Türkmenistanyň 1995-nji ýylda BMG tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygyna bagyşlandy. Şygar Bitaraplygyň ýurduň daşary syýasatynyň esasy sütünidigini nygtady.

