24 — 28-nji noýabrda Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň «Daşary ýurtlarda rus dilini goldamak we ösdürmek» döwlet maksatnamasynyň çäklerindäki medeni-bilim çäreleriniň tapgyry geçiriler. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň «Roskonsert» atly Federal döwlet býujet medeniýet edarasy habar berdi.
Çäreleriň maksatnamasynda Ural döwlet akademiki rus halk horunyň konsertleriniň, Moskwanyň halk horunyň milli rus agşamynyň, şeýle hem rus dili boýunça bilim beriji okuw maslahatlarynyňdyr ussatlyk sapaklarynyň bolmagyna garaşylýar.
Gatnaşyjylar üçin Sergeý Glebuşkiniň ýygyndysyndan rus milli lybaslarynyň sergisi hem guralar.
