Türkmenistanyň paýtagtynda «Karaca» türk brendiniň täze dükan görnüşi bolan «Karaca Container Store» dükanynyň açylyş dabarasy boldy. Dükan Obýezdnaýa metallurgiçeskaýa etrapçasynda, G. Kuliýew köçesinde ýerleşýär.

«Karaca Container Store» dükany öý üçin harytlaryň bölek söwdasyna innowasion çemeleşme bolup durýar: müşderiler önümleri sergi otaglaryna barmazdan ýa-da interýer gurnamalary bolmazdan, satyn alyp bilerler. Ähli harytlar palletlerde we tekjelerde ýerleşdirilendir, bu bolsa müşderilere hödürlenilýän ähli önümleri synlamaga we harytlary saýlap almaga mümkinçilik berýär.
Dükanda dünýäniň 45-den gowrak brendiniň önümleri, şol sanda «Karaca» brendiniň ähli toplumlary — gap-gaçlardan we aşhana esbaplaryndan başlap, öý üçin dokma önümleri, bezegler we kiçi hojalyk tehnikalary hödürlenilýär. Bu bolsa ony GDA-daky iň iri «Karaca» dükanyna, şol sanda, hile, amatlylyga we stile ähmiýet berýän islendik adam üçin özboluşly söwda meýdançasyna öwürýär.

Dükanyň dizaýny döwrebap konteýner stilinde ýerine ýetirilipdir, bu ýerde metal gurluşlardan başlap, içerki zolaklaryň bezegine çenli her bir element brendiň dinamikasyny, möçberini we innowasion ruhuny nygtaýar.

«Karaca Container Store – diňe bir täze dükan däl, bu söwdanyň täze filosofiýasy. Biz söwdanyň çalt, amatly we ylham beriji bolýan giňişligini döredýäris. Her bir müşderiniň elýeterli bahadan ýokary hilli harydy satyn alyp bilmegi biziň üçin möhümdir» diýip, «Karaca» brendiniň Türkmenistandaky resmi franşizasynyň eýesi bolan «Haýyrly Senagat» kompaniýasynyň wekilleri bellediler.
Habarlaşmak üçin: +993 71 800-103 /104, +993 12 753-757
