Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 517 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada turkmenmetbugat.gov.tm habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, Türkiýäniň telekeçilerine nah ýüplük we pagta süýümi ýerlenildi.
Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 2 million 248 müň manatdan gowrak bolan binýatlyk ýagy we gaplaýyş plýonkasyny («Türkmennebit» döwlet konserni) satyn aldylar.
