Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň 10 aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy.
Mejlisde ilki Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol garalýan döwürde Ýaragly Güýçleri ösdürmegiň Maksatnamasyny ýerine ýetirmek, ýurduň goranyş ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýokary hünärli serkerdeleri taýýarlamak, nobatdaky harby gulluga çagyrmak we harby gullukdan boşatmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň, harby gullukçylaryň iş we ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmagyň möhümdigini belledi we bu babatda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etmegi tabşyrdy.
Soňra harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň 10 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle-de döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabatlary berdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutany mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna laýyklykda, ýurduň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow şunda ýurduň goranyş ukybyny pugtalandyrmaga, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga uly üns berilýändigini aýtdy we bu ugurdaky işleriň geljekde hem dowam etdiriljekdigini belledi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy. Olar boýunça degişli çözgütleri kabul edip, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemledi.
