Turkmenportal logo
01.11.25
2895728957
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BAE-niň telekeçileri Türkmenistanyň biržasynda awiakerosini satyn aldylar

31-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda daşarky bazar boýunça söwdalaşyklar geçirildi. Bu söwdalaşyklaryň dowamynda nebit önümlerini satmak boýunça şertnama baglaşyldy — diýip, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Jet A-1» kysymly awiakerosini satyn almak boýunça şertnama baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň netijeleri boýunça umumy bahasy 3 701 250,00 ABŞ-nyň dollaryna deň bolan bir şertnama hasaba alyndy.