Turkmenportal logo
01.11.25
2247322473
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda raýatlaryň hukuk meseleleri boýunça jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler

15-nji noýabrda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde raýatlaryň hukuk meseleleri boýunça jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler. Bu çäre ýurduň esasy hukuk edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda guralar – diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Kabul edişlige Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturanyň, Ýokary kazyýetiň işgärleri, şeýle hem Aşgabat şäheriniň aklawçylar kollegiýasynyň agzalary gatnaşarlar.

Raýatlaryň kabul edilişi Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda geçiriler. Salgysy: Arçabil şaýoly, jaý 150. Geçiriljek wagty: sagat 9:00-dan 12:00-a çenli.

Goşmaça maglumatlary almak üçin raýatlar şu telefon belgilerine ýüz tutup bilerler: 39-19-20, 39-19-21.