Turkmenportal logo
01.11.25
2120221202
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Alžiriň Prezidentini Ynkylap güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Abdelmajid Tebbuna we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Ynkylap güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmen döwletiniň Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Abdelmajid Tebbuna tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Alžiriň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.