Turkmenportal logo
31.10.25
2300823008
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna iberildi

Türkmenistanda 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň we ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradowyň hasabatynda aýdyldy.

Wise-premýer dürli pudaklary, welaýatlary, Aşgabat we Arkadag şäherlerini ösdürmäge gönükdiriljek maliýe serişdeleriniň möçberleri, şeýle hem Döwlet býujetiniň girdeji bölegi barada hasabat berdi.

Hökümet mejlisiniň barşynda döwlet Baştutanynyň garamagyna 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy hödürlenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň we Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylandygyny belledi.

Geljek ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ykdysadyýetiň ulgamlaryna düýpli maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna iberilýändigini aýtdy we degişli hata gol çekdi.