Türkmenistanda şu ýylyň 10 aýynda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1,7 göterime, gurluşykda 8,1 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterime, söwdada 9,7 göterime, oba hojalygynda 5,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,3 göterime deň boldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradowyň hasabatynda aýdyldy.
Bellenişi ýaly, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 10,1 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Hasabat döwründe, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 13 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 9,2 göterim ýokarlandy.
Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynyň deslapky jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasynyň 100 göterim we çykdajy böleginiň meýilnamasynyň 96,3 göterim ýerine ýetirilmegine garaşylýar.
Ýurduň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 11,9 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,7 göterim artdy.
Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada maglumatlar aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işiniň ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşi bilen aýrylmaz baglydygyny aýtdy.
Döwlet Baştutany wise-premýere toplumyň işini kämilleşdirmegi dowam etmegi tabşyrdy.
