Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Günorta Afrika Respublikasynyň Belgiýadaky ilçisi, öňki syýahatçylyk ministri Tokozele Hasa we «Brussels Africa Hub» guramasynyň prezidenti Muktar Bah bilen duşuşdy. Duşuşyk Günorta Afrika Respublikasynyň Belgiýadaky ilçihanasynda geçirildi. Bu barada ilçihana habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Günorta Afrika Respublikasy we Afrika yklymynyň beýleki ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny has-da çuňlaşdyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem energetikadan başlap, oba hojalygyna we logistika çenli hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilige eýe bolan geljegi uly ugurlaryna garaldy.
Hususan-da, Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň diwersifikasiýasy we Afrika ýurtlary bilen tejribe hem-de tehnologiýa alyşmagyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Türkmenistanyň ilçisi ýurduň uly energetika serişdelerine eýedigini we arassa hem-de gaýtadan dikeldilýän energetika taslamalaryny işjeň ösdürýändigini belledi.
Bellenilişi ýaly, Günorta Afrika Respublikasy hem energetika pudagyny tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrmak we oňa innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça üstünlikli tejribe toplan ýurtlaryň biridir.
Oba hojalygy ugry boýunça taraplar özara tejribe alyşmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. GAR-yň Afrika yklymynda oba hojalyk önümleriniň öňdebaryjy öndürijileriniň we eksport edijileriniň biri bolup durýandygy nygtaldy. Iki ýurduň hem azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmakda we durnukly oba hojalygyny ösdürmekde birek-birege peýdaly hyzmatdaş boljakdygy bellenildi.
Mundan başga-da, taraplar port dolandyryşy we logistika meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da, Günorta Afrika Respublikasynda Afrika yklymyndaky iň iri portuň ýerleşýändigi hem-de bu ýurt arkaly geçýän halkara ulag geçelgeleriniň strategik ähmiýete eýedigi nazara alnyp, özara tejribe alyşmagyň ulag-logistika hyzmatdaşlygy üçin täze gözýetimleri açjakdygyna ynam bildirildi.
Türkmenistanyň işewür wekiliýetleriniň Günorta Afrika Respublikasyna saparlaryny guramak, şeýle hem günorta afrikaly hyzmatdaşlaryň Türkmenistana gelip, göni işewür we döwlet aragatnaşyklaryny ýola goýmagy baradaky teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. Günorta Afrika Respublikasynyň ilçisi bu başlangyjy goldap, onuň durmuşa geçirilmegine taýýardygyny tassyklady.
Şeýle-de duşuşykda noýabr aýynda Günorta Afrika Respublikasynda geçiriljek G20 sammitine taýýarlyk işleri hem-de energetika howpsuzlygyna bagyşlanjak degişli çäreler barada hem gürrüň edildi. Türkmenistanyň energetika pudagynyň wekilleriniň şol çärelere gatnaşmaga çagyryldy.
Taraplar Brýusselde Afrika Bileleşigine we Merkezi Aziýa ýurtlaryna degişli ilçileriň gatnaşmagynda täze gepleşik formatyny döretmek baradaky başlangyjy hem ara alyp maslahatlaşdylar. Bu formatyň özara düşünişmegi güýçlendirmäge we sebitara hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik döretjekdigi bellenildi.
«Brussels Africa Hub» guramasynyň prezidenti Muktar Bah Afrika ýurtlarynyň ykdysady mümkinçiliklerine syn berdi we sebitleriň arasynda özara baglanyşykly hem-de biri-biriniň üstüni ýetirýän ugurlary tapmagyň durnukly hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini belledi.
