«Nvidia» kompaniýasynyň baş direktory Jensen Huang «Samsung» we «Hyundai» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary – Li Je Ýen hem-de Çon Ison bilen duşuşdy. Huang «Kkanbu Chicken» restoranynda olara «Nvidia DGX» emeli aň üçin işleýän beketleri hem-de ýapon wiskisini sowgat berdi. Bu barada «Business Insider» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
Waka habar beriş serişdeleriniň hem-de ýerli ýaşaýjylaryň ünsüni çekdi: restoranda žurnalistler we muşdaklar ýygnandylar, ýerli teleýaýlym bolsa resmi däl duşuşygyň göni alnyp görkezilişini gurady. Günorta Koreýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna laýyklykda, «Samsung» we «Hyundai» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary naharhana gelenleriň ählisiniň tölegini – 1,75 müň dollar tölediler.
Resmi däl duşuşyk naharhananyň girdejilerine güýçli täsir etdi— ertesi, 31-nji oktýabrda «Kkanbu Chicken» restorany «Baemin» priloženiýesinde iň idelýän nokat boldy. Onuň käbir şahamçalarynda sargytlar 20-50 göterim artdy diýip, «Korean JoongAng Daily» neşiri habar berdi.
«Kkanbu Chicken» o diýen tanalýan kompaniýa bolmasa hem, bu waka bazara hem täsirini ýetirdi: öý guşlaryny öndürýän «Cherrybro Co.» kompaniýasynyň paýnamalary 30 göterim, naharhanalar üçin robotlary öndürýän «Neuromeka Co.» kompaniýasynyň gymmat kagyzlary bolsa 20 göterim töweregi gymmatlady.
